Aziýada iri demir ýol çatrygy işe başlady

Aziýada iri demir ýol çatrygy işe başlady

Aziýada iri ýolagçy demir ýol çatrygy Pekinde işe girizildi diýip, Sinhua habarlar gullugy habar berdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Fentaý atly demir ýol menzili 32 demir ýol şahasyny we 32 platformany özüne birleşdirýär, onuň umumy meýdany 400 müň töweregi inedördül metr bolup, 56 futbol meýdançasyna barabardyr. Menzil her sagatda 14 müňe çenli ýolagça hyzmat edip bilýär.

Hytaýyň paýtagtynyň günorta böleginde ýerleşýän Fentaý demir ýol duralgasy 1895-nji ýylda gurlup, ýolagçy we ýük daşamak üçin ulanyldy. Ony döwrebaplaşdyrmak işine 2018-nji ýylda girişildi.

Duralga indi täze keşbe eýe boldy, oňa nusgawy hytaý binagärliginiň alamatlary girizildi.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylda Hytaýda ýolagçy uçar gatnawlary rekord derejä ýetdi
Wan I Hytaýyň daşary işler ministri wezipesine bellendi
Wan I Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň täze başlygy boldy
Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Täze guýyny burawlap başlady
Pekinde 1951-nji ýyldan bäri görülmedik yssy höküm sürýär
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sanly söwdany giňeldýär