Aziýa Ýuwaş umman ýurtlary dünýädäki iň uly erkin söwda şertnamasyna gol çekdiler

Aziýa  Ýuwaş umman ýurtlary dünýädäki iň uly erkin söwda şertnamasyna gol çekdiler

Aziýa Ýuwaş umman sebitiniň 15 ýurdy dünýädäki iň uly erkin söwda şertnamasy hökmünde tanalýan Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk şertnamasyna ýagny RCEP-e gol çekdi. 2,1 milliard ilaty öz içine alýan RCEP-e dünýädäki içerki önümiň 30 göterimini tutýar.

Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň, ýagny ASEAN-yň 37-nji liderler sammitiniň çäginde geçirilen RCEP ýygnagynda ASEAN agzalary Bruneý, Kamboja, Indoneziýa, Laos, Malaziýa, Mýanma, Filippin, Singapur, Taýland, Wýetnam, Awstraliýa, Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Täze Zelandiýa liderleri sekiz ýyllyk gepleşiklerden soň ylalaşyk gazandylar.

Bu sammitde çykyş eden Singapuryň premýer-ministri Li Sýan Lun RCEP şertnamasyny möhüm öwrülişik hökmünde häsiýetlendirmeklik bilen: 8 ýylyň içinde geçirilen 46 sany ylmy-amaly maslahatlardan we 19 sany ministrler derejesindäki gepleşiklerden soň, RCEP şertnamasyny baglaşmaklyk şu güne nesip etdi. Bu işde ýadawsyz işleýän degişli ýurtlaryň liderleriniň we ministrleriniň tagallalaryna örän minnetdar. diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Kambojanyň paýtagtynda ASEAN-yň 40-njy we 41-nji sammitleri açyldy
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
ABŞ-ASEAN ýurtlarynyň gatnaşyklarynda täze döwür
ASEAN-yň daşary işler ministrleriniň maslahaty
Sammit Waşingtonda geçiriler
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy