Aziýa ýurtlarynda howa gyzýar

Aziýa ýurtlarynda howa gyzýar

Aziýada tamamlanyp barýan aprelde howanyň derejesi barha ýokarlanýar diýip, MIR 24 ýazýar.

Mysal üçin, Hytaýyň habar beriş serişdeleri Ýanszy derýasynyň ýakasyndaky ülkeleriň köpüsinde aprel aýy üçin mahsus bolmadyk jokrama yssy barada ýazýarlar. Pekinde-de howa 20 gradusdan ýokary, bu apreliň rekordy hasaplanýar. Hindistanda Gün urmadan heläk bolanlar barada habar berilýär. Bu ýurduň käbir ştatlarynda mekdeplerde okuwlar ýatyryldy. Pakistanda-da, Bangladeşde hem ýagdaý şeýle.

Laosyň dürli ýerlerinde gündiz howanyň derejesi 41,5-den 43 gradusa çenli saklanýar, bu ýurduň taryhynda hasaba alnan iň yssy howa hasaplanýar.

Taýlandda suw pürküji sapançalar diýilýän enjamlary satuwa çykardylar. Bu ýerde Aziýada iň yssy howa höküm sürýär. Mysal üçin, ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Taki howa menzilinde termometriň sütünjigi 45,5 derejäni görkezýär. Patyşalygyň saglygy goraýyş edarasy ýaşaýjylary Gün urma howpy barada duýdurdy.

Ýaponiýada hem yssy howa dowam edýär. Aprel aýy üçin mahsus bolmadyk yssy howa Gazagystanda, Türkmenistanda we Özbegistanda hem hasaba alyndy.

Hünärmenler sebitde öňdäki maýda nähili howa boljakdygy barada kelle döwýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Dünýä Kubogyna 68 gün galdy
Pekinde ulag-logistika ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy