Aziýa yklymyndan DÇ ― 2026 üçin göreşi 18 ýygyndy dowam etdirer

Aziýa yklymyndan DÇ ― 2026 üçin göreşi 18 ýygyndy dowam etdirer

Futbol boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa yklymynda ikinji saýlama tapgyry tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesinde 18 ýygyndy üçünji saýlama tapgyryna çykdy. Olar indi ýaryşy üç toparçada dowam etdirerler. Her toparçany alty ýygyndy emele getirer.

Dünýä çempionatynyň üçünji saýlama tapgyrynyň bijeleri AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab kwartirasynda 27-nji iýun güni çekiler. Bije çekişlik Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 12:00-da başlanar.

Dünýä çempionatynyň indiki saýlama tapgyryna gatnaşjak milli ýygyndylar bije çekişlige aşakdaky sebetler boýunça gatnaşarlar:

1-nji sebet:

Ýaponiýa

Eýran

Koreýa Respublikasy.

2-nji sebet:

Awstraliýa

Katar

Yrak.

3-nji sebet

Saud Arabystany

Özbegistan

Iordaniýa

4-nji sebet

BAE

Oman

Bahreýn

5-nji sebet

Hytaý

Palestina

Gyrgyzystan

6-njy sebet

KHDR

Indoneziýa

Kuweýt.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi
Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer
Türkmenistanyň U-20 zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 12-nji ýanwarda Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler
Altyn asyryň AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-däki garşydaşlary belli boldy