Aziýa oýunlary barada gysgaça…

Aziýa yklymynyň iň iri sport çäresi Aziýa oýunlary bolup, ol ilkinji gezek 1951-nji ýylda Hindistanyň paýtagty Täze Delide geçirilýär.Aziýa oýunlaryndan ozal yklymda Uzak Gündogar çempionaty oýunlary geçirilip, oňa-da sanlyja ýurduň — Filippinler, Ýaponiýa, Hytaý ýaly döwletleriň türgenleri gatnaşýardy. 19131934-nji ýyllar aralygynda 10 sapar guralan bu ýaryş sebitleýin bäsleşik ýalydy. 1948-nji ýylda Londonda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda Aziýa yklymyndan baran ýurtlaryň wekiliýeti özara maslahat geçirýär. Şol maslahatda-da hytaýlylar we filippinliler Uzak Gündogar çempionaty oýunlaryny täzeden dikeltmek barada ylalaşýar. Ýöne Hindistanyň şol wagtky Ýeňil atletika federasiýasynyň başlygy Guru Dutt Sondhi muňa öz nägileligini bildirip, oýunlaryň çägine tutuş yklymyň ýurtlarynyň-da degişli edilmelidigi baradaky teklip bilen oturanlara ýüzlenýär. Şeýlelikde, Aziýa oýunlary döreýär. Şondan soňam 1949-njy ýylyň 13-nji fewralynda Aziýa Oýunlary Federasiýasy döredilýär.

Aziýa oýunlarynyň ilkinjisiniň guramaçylygy-da Täze Deli şäherine ynanylýar. 1950-nji ýylda geçirilmeli edilen I Aziýa oýunlary käbir desgalaryň wagtynda gurlup ýetişdirilmändigi sebäpli 1 ýyl soňa süýşürilýär. Şunlukda, Aziýa oýunlarynyň ilkinjisi 1951-nji ýylyň 411-nji marty aralygynda Hindistanyň paýtagty Täze Delide geçirilýär.

Oňa 11 ýurtdan 491 türgen gatnaşyp, olar sportuň umumylykda 7 görnüşinden bäsleşýärler. Şondan bäri-de 17 Aziada geçirildi.Aziýa oýunlary 1982-nji ýyla çenli Aziýa oýunlary Federasiýasynyň garamagynda geçirilýär.

Bu federasiýa 1982-nji ýylda Täze Delide geçirilen IX Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, has takygy, 16-njy noýabrda ýatyrylýar. Ýerine Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi döredilýär.Başgaça aýdylanda, AGF düýpli üýtgeşmeler bilen AOG-a öwrülýär.

Merkezi edara binasy Kuweýtiň Kuweýt şäherinde bolan AOG-yň 45 sany Milli Olimpiýa komiteti agzasy bar.Aziýa yklymynyň çäklerinde geçirilýän ähli halkara sport çärelerine jogap berýän AOG-yň häzirki prezidenti kuweýtli Ahmad Al-Fahad Al-Sabah.

Ol 1991-nji ýylyň 1-nji iýulyndan bäri bu wezipede işleýär.Aziýa oýunlaryna käbir döwletler dürli sebäplerden gatnaşmaýar.Medallaryň sanawynda öňdebaryjy Hytaý 1974-nji ýyldaky oýunlardan soň goşulyp başlaýar.

Diňe 5 Aziada gatnaşan Ysraýyl syýasy sebäpler arkaly 1994-nji ýylda Ýewropanyň Olimpiýa Komitetiniň agzalygyna geçýär.Demirgazyk Borneo, Sarawak ýaly şol wagtky adalar (häzirki günde Indoneziýanyň çäklerinde) hem käbir oýunlara gatnaşýar.

Irki ýyllarda Şri Lanka Seýlon, Malaýziýa Malaýa, Mýanma Birma, belli bir döwürde-de Kamboja Khmer Respublikasy atlary bilen oýunlara wekilçilik edýär. Şol sanda Wýetnam hem Gündogar Wýetnam, Ýemen döwleti-de birleşýänçä Demirgazyk Ýemen hem-de Günorta Ýemen diýen atlar bilen Aziýa oýunlaryna gatnaşýar.

Aziýa oýunlaryna Orta Aziýa döwletleri 1994-nji ýyldan bäri wekilçilik edip gelýär. Şeýle-de Aziýa oýunlarynyň iň soňky bolup gatnaşan Gündogar Timor (Timor-Leste) döwletidir (2002).

Mundan öňki 17 Aziýa oýunlarynyň ählisine 7 ýurt gatnaşdy.Olar Hindistan, Indoneziýa, Ýaponiýa, Şri Lanka, Filippinler, Singapur we Tailand döwletleridir.Günorta Koreýa, Malaýziýa, Pakistan, Mýanma hem-de Gonkong 16 gezek gatnaşyp, diňe birinde çykyş edip bilmedi.

Nepal 15-sine gatnaşdy.Aziýa oýunlary iň köp Tailandda geçirilip, olar 4 sapar bu halkara çäräni özlerinde kabul etdiler.Günorta Koreýada 3, Hindistandyr Hytaýda hem-de Ýaponiýada 2 gezek geçirildi.

Indoneziýa hem 2-nji gezek guran döwletleriň hataryna goşular.Aziýa oýunlaryny iň köp guran Tailandyň paýtagty Bangkok şäheridir.Bu ýerde oýunlar 4 gezek geçirildi. Şäher hökmünde Täze Delide-de 2 sapar geçirilen Aziada Jakartada hem 2-nji gezek guralar.Aziýa oýunlarynda Maldiwler, Butan we Gündogar Timor döwletleriniň ýeke medaly-da ýok.

Nepal, Owganystan, Laos, Bruneý, Ýemen hem-de Palestina ýurtlary-da altyn medal gazanyp bilmedik döwletlerdir.Aziýa oýunlarynda iň köp altyn medaly, umumylykda-da iň köp medaly hytaýly türgenler gazandylar.

Iň köp kümüş we bürünç medaly-da ýaponlar aldy.Medallaryň sanawynda 3 döwlet — Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa hersi aýratynlykda 2000-den köp medal gazandy.Hytaýly we ýaponiýaly türgenleriň medallarynyň sanyny şu oýunlardan soň, 3000-e ýetirmegine garaşylýar.Medallaryň sanawynda 18-nji Aziýa oýunlarynda ýaponlar 1-nji ýeri eýeleýär. 9-njy Aziýa oýunlaryndan bäri Hytaýlylar medallaryň sanawynda ep-esli tapawut bilen 1-nji basgançagy eýeläp gelýär.Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna şu wagta çenli 50-ä golaý sport görnüşi girizildi. Ýeňil atletika, basketbol, futbol hem-de suw sportlary bolan suwda ýüzmek, suwa bökmek, woterpol sportlary ähli oýunlaryň maksatnamasynda bolan sport görnüşleridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Türkmen wekiliýeti raýat ýagdaýynyň namalary bilen bagly sebitleýin duşuşyga gatnaşdy
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
SUEZ fransuz kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär