Ýapyk welotrek boýunça nobatdaky Dünýä çempionaty 2021-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler.Bu barada sport habarlaryny çap edýän halkara neşirler, şol sanda “Inside The Games”, “Cycling Weekly” düýn 27-nji sentýabrda habar berdi.
Habarlardan mälim bolşuna görä, Welosiped sürmek boýunça halkara bileleşik 2020 2024-nji ýyllar aralygynda geçiriljek bütindünýä welosiped ýaryşlarynyň tertibini yglan etdi.Bu tertibe laýyklykda, nobatdaky ýapyk welotrek ýaryşy Aşgabatda 2014-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen Welotrek Sport Toplumynda geçiriler.
Bu toplum 6 müň tomaşaça niýetlenip, onuň umumy meýdany 61 müň inedördül metre barabardyr.Toplum uzynlygy 250 metr we ini 7,1 metr bolan welosiped ýodajygyny özünde jemleýär.
Bu sport toplumy Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna niýetlenip bina edilen sport desgalaryň hatarynda paýtagtyň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda guruldy.Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki resmi metbugatynda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna 5 milliard dollar pul serişdesiniň sarp edilendigi habar berilýär.
Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri “Aziada-2017” halkara sport bäsleşiklerini geçirmek üçin türkmen hökümetiniň 10 milliard dollardan gowrak maliýe serişdesini harçlandygyny aýdýar.Türkmenistanda 2013-nji ýylda ýurtda welosiped sportyny ösdürmäge niýetlenildi diýlip, ýörite döwlet maksatnamasy kabul edildi. Şondan soň, bu maksatnamanyň çäklerinde geçirilýändigi aýdylyp, ýurtda welosiped bilen bagly dürli çärelere badalga berildi.
Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan onlarça türkmenistanly bu çärelere býujet işgärleriniň, talyplaryň, döwletiň howandarlygyndaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de beýlekileriň mejbury gatnaşdyrylandygyny aýdýarlar. 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda prezidentiň gatnaşmagynda Aşgabatda ilkinji gezek köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi.
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, olara gatnaşýanlardan welosiped satyn almak talap edildi, hem-de olar bu çärelere dilden görkezme bilen mejbury gatnaşdyryldy.Munuň bilen bagly Aşgabatda birnäçe köçelerde hereket çäklendirildi. Şondan bäri her ýyl diýen ýaly Aşgabatda döwletiň guramaçylygynda geçirilýän köpçülikleýin welosiped ýörişleri gaýtalanýar.
Döwlet metbugaty bu çäreleriň welosiped sportyny wagyz etmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny öňe sürýär. Ýöne hususan-da bu çärelere gatnaşdyrylýanlar ýokardan görkezme bilen ilata mejbury welosiped satyn aldyrylýandygyny, muňa razy bolmadyklardan ar alynýandygyny aýdýarlar. Şu ýyl Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň “Welosiped sporty boýunça köpçülikleýin sapak berip”, Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini aýdýar. 8-nji iýunda eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow Aşgabatda welosipediň ýadygärligini oturtmagy teklip etdi.Türkmenistanyň resmi metbugatyndan çen tutulsa, ýurtda welosiped sporty XIX asyryň aýaklarynda örňäp başlapdyr. “Welosiped sportunyň milli mekdebiniň taryhynyň resmi hasabynyň 120 ýyl mundan öň, 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň döredilmegi bilen” başlandygyny, TDH belleýär. Ýurduň prezidenti bu senäni has takyklaşdyryp, Aşgabatdaky welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň 1894-nji ýylyň 5-nji aprel güni döredilendigini, şondan soň Türkmenistanda welosiped ýaryşlarynyň geçirilip, oňa gatnaşyjylaryň tas ýarysynyň zenanlar bolandygyny öňe sürdi.
Türkmenistanda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, şu ýylyň sentýabr aýynda “Amul Hazar-2018” halkara awtorallisi geçirildi. Şeýle-de, Aşgabatda üstümizdäki noýabr aýynda Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär.
Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde ençeme türkmenistanly döwlet edaralarynyň işgärleriniň şeýle çärelere tomaşaçy, ýa-da şowhunçy hökmünde mejbury çekilýändigini aýdýarlar.