Aziada döwründe myhmanlar üçin satyn alnan 24 awtobus Türkmenistanyň şäherara gatnawlarynda ýolagçylara hyzmat etmäge başlar.
TDH döwlet habar gullugynyň 15-nji ýanwarda beren habaryna görä, Aşgabadyň ýolagçy awtotransport önümçilik birleşigine 15 abwobus berildi.
Olaryň onusy şäherara gatnawlary boýunça, şol sanda Aşgabat-Hazar-Aşgabat aralygynda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar.Galan bäş awtobus bolsa, ýurda gelýän syýahatçylara awtotransport hyzmatlaryny etmekde ulanylar.
Mundan başga, ýene 9 awtobus regionlardaky şäherleriň arasynda ýolagçy gatnatmakda ulanylar. Hususan-da olar Balkan welaýatyndaky Balkanabat-Türkmenbaşy-Balkanabat, Türkmenbaşy-Garabogaz-Türkmenbaşy, şeýle-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky gatnaw ugurlarynda ulanylar.
Lebap welaýatyna berlen awtobuslar Türkmenabat-Kerki-Türkmenabat we Kerki-Türkmenabat-Kerki ugurlary boýunça ýolagçy gatnadar.
Mary welaýatyndaky awtobuslar Mary-Serhedabat-Mary we Mary-Türkmenabat-Mary ugurlary boýunça ýolagçy gatnadar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.