XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň on üçünji gününde biziň türgenlerimiziň gatnaşmagynda dzýudo boýunça jemleýji ýaryşlar geçirildi.
100 kilograma çenli agram derejede Batyr Hojamuhammedowyň we 90 kilograma çenli agramda Tejen Tejenowyň çykyşlary örän meňzeş häsiýete eýe boldy. 1/8 finalda ildeşlerimiz bäsdeşlerinden ýeňillik bilen üstün çykdylar. B.Hojamuhammedow Hytaý Taýbeýinden bäsdeşini eýýäm 49-njy sekuntda ýeňip, dzýudo — ipponda iň ýokary bahany aldy. Şeýle hem biziň beýleki pälwanymyzyň indoneziýaly türgen bilen tutluşygy diňe 12 sekunt çalt tamamlandy.
Çärýek final ýaryşlarynda bije boýunça türkmenistanlylara Ýaponiýadan Kentaro Iida we Koreýa Respublikasyndan Gwak Don Han ýaly örän güýçli — atly dzýudoçylar düşdi.Biziň türgenlerimiziň tutanýerliligine hem-de ýeňşe bolan erk-islegine garamazdan, olara ýarym finala çykmak başartmady. Ýeri gelende aýtsak, türgenlerimiziň bäsdeşleriniň ikisi hem netijede Aziýa oýunlarynyň çempionlary boldular.
Biziň ildeşlerimiz B.Hojamuhammedow we T.Tejenow höweslendiriji göreşlerde hem üstünlik gazanyp bilmediler.
Sambo boýunça ýaryşlara hem badalga berildi. 48 kilogram agram derejesinde Aýna Zaripowa 1/8 finalda şowsuzlykdan soňra ol bürünç medal ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýän ýaryşlara gatnaşmagyny dowam etdi. Emma eýranly bäsdeşi bilen tutluşyk hem biziň türgenimize üstünlik getirmedi.
Ertir biziň ildeşlerimiz sambo boýunça jemleýji bäsleşiklere gatnaşarlar.