Azerbaýjanyň Ykdysadyýet Ministri Ankarada Saparda Boldy

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet Ministri Ankarada Saparda Boldy

Ankarada saparda bolan Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow, Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşdy.

Duşuşykda tebigy gazyň başda durmagynda energetika pudagy boýunça dowam edýän özara hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Baýraktar X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet bilen ministrlikde duşuşandyklaryny mälim etdi.

Baýraktar habarnamasynda “Dost we doganlyk ýurt Azerbaýjan bilen energetika pudagy boýunça ýakyndan gatnaşyk edýäris. Jenap Jabbarow bilen tebigy gazyň başda durmagynda energetika pudagy boýunça dowam edýän özara hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Günbatara seredýän Türkmenistan Türkiýä gaz iberip başlar - Metbugat
Ruandanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy