Azerbaýjanyň we bütin türki dünýäniň esasy edebiýatçylaryndan biri bolan Anar Rzaýew

Azerbaýjanyň we bütin türki dünýäniň esasy edebiýatçylaryndan biri bolan Anar Rzaýew

Anar Rzaýew eserleri bilen Azerbaýjan edebiýatyna täzeçilik usulyýet getiren, kino we teatr sungatyna-da uly goşant goşan ýazyjydyr.Rzaýew 1938-nji ýylyň 14-nji martynda Bakuwda dünýä inýär.

Kakasy, meşhur ýazyjy Resul Rza we ejesi ýazyjy Nigar Rafibeýlidir.Anar, Azerbaýjan Döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini gutarandan soň Moskwada Sseneri ýazyjylygy institutynda bilim alýar.Ol gowy bilim alyp edebiýat dünýäsine gadam basýar we gysga wagtda Azerbaýjanyň esasy ýazyjylaryndan biri bolýar.

Anar Rzaýewiň ilkinji esasy eseri 1960-njy ýyllarda çap edilen “Ak Port” atly hekaýa kitabydyr. Bu eser adaty adamlaryň durmuşyny we emosional dünýäsini açyp görkezýär.

Anar Rzaýewyň eserleri watan we millet söýgüsi güýçli duýulýar. Azerbaýjanyň halk medeniýetiniň dili we taryhy hakyndaky eserleri diňe bir Azerbaýjanda däl, bütin türki dünýäde uly gyzyklanma döredýär. “Däde Gorkudyň Kitaby” hakyndaky syny, türki mifolofiýa bolan çuňňur gyzyklanmasyny we türki medeniýetini döwrebap edebiýatda işlemekdäki ussatlygyny görkezýär.

Onuň türki dünýä bolan gyzyklanmasy diňe bir edebi eserlerinde däl, şol bir wagtda-da medeni çärelerde özüni görkezýär. Türki dünýäniň bitewi edebi we medeni gymmatlyklaryna uly üns berilip, eserleri türki dünýäniň ençeme ýerinde terjime edilýär we okalýar.

Anar Rzaýew ýazyjylyk karriýerasyna ençeme eser sygdyrýar. Şu günki güne çenli 20-den gowrak roman, hekaýa kitaby, oýun we ssenari ýazdy. Iň meşhurlaryndan “Ak port”, “Bäş gatly öýüň altynjy gaty”, “Däde Gorkudyň Kitaby” hakynda syn, “Gijeki syýahat”, “Ýagyşdan soň”, “Ak goç-gara goç” we “Kerem ýaly” atly eserlerini agzap geçmek ýerlikli bolar.

Anar Rzaýew kino we teatr sungatynda-da uly üstünlikler gazandy.Ol, Azerbaýjan kinosyna ýatdan çykmajak ssenariýalar sowgat edýär.Esasanda “Toprak, deňiz, ot, gök asman” atly ssenarisi Azerbaýjan kino taryhynda aýratyn orun tutýar.

Bu ssenari Azerbaýjanyň tebigy baýlyklaryny we medeni mirasyny giňden beýan edýär. “Bäş gatly öýüň altynjy gaty” ýaly teatr eserleri hem sahnalaşdyrylýar we halkyň göwnünden turýar.Teatr eserlerinde umuman adamyň jemgyýete garşy göreşi, söýgi we ynsan gatnaşyklary ýaly ähliumumy mowzuklary işleýär.

Anar Rzaýew türki dünýäniň bitewileşmegi we medeni taýdan jebisleşmegi üçin uly tagalla etdi. Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegine uly goşant goşan Anar, eserleri bilen diňe bir Azerbaýjanda däl, Türkiýede we beýleki türki döwletlerde-de giň okyjy köpçüligine eýe boldy. Türk edebiýaty boýunça geçiren işleri we çykyşlary onuň türki dünýä bolan gyzyklanmasyny görkezýär.

Anar, türki dünýäniň jebisleşmeginiň we dil, medeniýet, edeniýat ýaly umumy faktorlar bilen birleşmeginiň ähmiýetini nygtaýan ýazyjylardan biridir.Ol, çykyşlaryndan birinde şeýle diýýär: “Köprülerden biri syýasat, beýlekisi din we medeniýetdir.

Biz häzirki wagtda medeni köprüleri wagt ýitirmän gurmaly.Sebäbi adamlar birek-biregi edebiýat, teatr, kino arkaly tanaýarlar. Şonuň üçin aragatnaşyk dili gerek.Ol aragatnaşyk dili hem Türkiýe türkçesi bolmaly.” Anar şu pikiri bilen türki dilleriň birek-birege düşünmeginiň we halklaryň arasynda gepleşilýän rusçadan çetleşip, öz dilimizden biri bilen aragatnaşyk saklamagyň türki dünýäniň geljegi taýdan möhümdigini nygtaýar.

Eserleri bilen hem edebiýat dünýäsinde hem-de ulgamda yz goýup giden Anar Rzaýew häzirki wagtda 86 ýaşynda we Azerbaýjan edebiýatynyň esasy wekillerinden biri hökmünde türki medeniýet mirasyna goşant goşmaga dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Burak Özçiwit aýaly Fahriýe Ewjen bilen Moskwa bardy
Kinoteatlarda 10 — 15-nji oktýabrda görkeziljek filmler
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
28-nji awgust 3-nji sentýabr aralygynda görkeziljek filmler