Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portundan alyp gitdi

Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portundan alyp gitdi

Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasynyň (ASCO) sargydy esasynda Baku gämi-gurluşyk zadowynda gurlan hem-de 2-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylyşa berlen Zangilan tankerine ilkinji ýük Türkmenistanyň Alaja deňiz portunda ýüklenildi.

nCa portalynyň habar bermegine görä, Zangilan tankeri Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesiniň golaýyndaky Alaja deňiz portundan ýüklenen çig nebiti 17-nji iýulda Azerbaýjanyň Sangaçal deňiz portuna eltdi.Zangilan tankeri tarapyndan eltilen nebit Baku — Tbilisi —Jeýhan nebit geçirijisiniň üsti bilen eksporta iberildi. Ýeri gelende bellesek, uzynlygy 141, ini 16,9 metre deň bolan Zangilan tankeri umumy göwrümi 9212 kub metre barabar 6 sisternany öz içine alýar.

Gäminiň ýük göterijilik ukyby 7 müň 800 tonna barabardyr.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi
Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi
Türkmen-rus medeni hyzmatdaşlygy
Elazyg Wişnýa Mermeri
22.12.2018 | “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Uly Balkanyň özboluşly ösümlikler dünýäsi