Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi

Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi

Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasynyň (ASCO) sargydy esasynda Baku gämi-gurluşyk zadowynda gurlan hem-de 2-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylyşa berlen Zangilan tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistanyň Alaja deňiz portuna getirdi.

nCa portalynyň habar bermegine görä, Zangilan tankeri ilkinji ýüzüşe Azerbaýjanyň Sangaçal deňiz portundan başlap, ol ýerden ýüklenen çig nebiti 17-nji iýulda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesiniň golaýyndaky Alaja deňiz portuna getirdi.

Ýeri gelende bellesek, uzynlygy 141, ini 16,9 metre deň bolan Zangilan tankeri umumy göwrümi 9212 kub metre barabar 6 sisternany öz içine alýar. Gäminiň ýük göterijilik ukyby 7 müň 800 tonna barabardyr.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portundan alyp gitdi
Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi
Türkmen-rus medeni hyzmatdaşlygy
22.12.2018 | “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Uly Balkanyň özboluşly ösümlikler dünýäsi
2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: nebitgaz toplumy