Azerbaýjanyň Tährandaky Ilçihanasy Açyldy

Azerbaýjanyň Tährandaky Ilçihanasy Açyldy

1,5 ýyl ozal ýapylan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasy, Tähran welaýatynyň Şemiranat etrabynyň Derrus etrapçasynda gaýtadan açyldy.

Ilçihanynyň ýerleşýän binasynyň daş-töweregine belent diwarlar örüldi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi hem ýurduň Eýrandaky ilçihanasynyň açylandygyny we ilçihananyň ähli işgärleriniň wezipelerine başlandygyny mälim etdi.

Azerbaýjanyň Tährandaky ilçihanasyna 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda guralan ýaragly hüjümde ilçihananyň howpsuzlyk müdüri ýogalypdy, iki gullukçy hem ýaralanypdy.

Tähranyň Içeri işleri müdüri Hüseýin Rahimi wakadan soň wezipesinden boşadylypdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hüjümi terrorçylykly aksiýa hökmünde häsiýetlendiripdi.

Hüjüm sebäpli Azerbaýjanyň Tährandaky ilçihanasy 2023-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda ýapylypdy.

Ýene degişli makalalar

Eýrandan Ýewropa Uçar Saparlary Başlar
Mehemmed Hüseýin Şehriýar
Eýranda Kazylaryň Janyna Kast Edildi
Russiýanyň Şwesiýadaky Ilçihanasyna Hüjüm Guraldy
Türkiyäniň mebel eksporty 6 ýylda dört esse artdy
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy