Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy OGT ― 2022 sergisine uly gyzyklanma bildirýär

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy OGT ― 2022 sergisine uly gyzyklanma bildirýär

Muny kompaniýanyň prezidenti Rowşan Najafyň iki orunbasary bilen bilelikde Aşgabatda geçirilýän halkara sergä we maslahata gatnaşmagy hem tassyklaýar. Kompaniýanyň merkezi edarasynyň Ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar departamentiniň ylym, bilim bölüminiň başlygynyň orunbasary Emin Alakbarow Türkmenistan gazetine beren interwýusynda özleriniň Aşgabatda geçirilýän nebitgaz sergisine ýedinji gezek gatnaşýandyklaryny aýtdy.

Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Azerbaýjan hem, Türkmenistan hem nebitdir gazyň ägirt uly gorlaryna eýe. Iki döwletiň umumy bähbitleri bar. Hazar deňzi bolsa ýurtlary baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Azerbaýjanda çykarylýan nebitiň 80 göterimi Hazar deňzindäki nebit ýataklarynyň paýyna düşýär. Şoňa görä-de, SOCAR türkmen tarapy bilen Hazar deňzinde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynanýar.

Ýene degişli makalalar

SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär
“Eni Turkmenistan Limited” “OGT 2023” forumynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022 atly halkara forumy geçirilýär
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady