Azerbaýjanyň Prezidenti parlamenti ýatyrdy

Azerbaýjanyň Prezidenti parlamenti ýatyrdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Milli mejlisi (ýurduň parlamentini) ýatyrdy we kanunçykaryjy edara möhletinden öňki saýlawlary 1-nji sentýabra belledi. Degişli karar Prezidentiň saýtynda çap edildi diýip, TASS habar berýär.

21-nji iýunda Azerbaýjanyň parlamenti ýurduň Prezidentine ýüzlendi, onda möhletinden öňki parlament saýlawlaryny geçirmek başlangyjy öňe sürülýär. Saýlawlaryň süýşürilmeginiň sebäbi hökmünde şu ýylyň noýabrynda, ýagny saýlawlaryň bellenen döwründe

Azerbaýjanda BMG-niň howanyň üýtgemegi (СОР29) boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň maslahatynyň 29-njy ýygnagy hem-de beýleki iri halkara çäreleri geçiriljekdigi görkezildi.

Azerbaýjanyň Konstitusiýasy boýunça parlamenti ýatyrmak we saýlawlary bellemek hukugy Prezidente degişlidir.

Azerbaýjanyň parlamentiniň 125 deputaty bar, olar ählumumy we göni saýlawlar arkaly bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar.

Ýene degişli makalalar

Şuşada iýulda Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçer
Aliýew Pakistanyň ykdysadyýetine 2 milliard dollar maýa goýmakçydygyny habar berdi
Şu gün Eýranda Prezident saýlawlary geçýär
Fransiýada parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry geçdi
Azerbaýjanyň Moskwadaky ilçisi işini tamamlady
Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy 30-njy iýulda bolar