Şu gün, 29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag myhmanhanasynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler, bu gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolýar.
Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň barşynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlary söwda-ykdysady toplumyny, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamyny, oba hojalyk pudagyny, dokma, himiýa senagatyny we beýlekileri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlediler.