Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Rus Halkyna Gynanç Bildirdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Rus Halkyna Gynanç Bildirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Moskwada konsert zalyna guralan terrorçylykly hüjüm hakynda pikir alyşdy.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä, rus lideri Putine telefon eden Aliýew, Krokus konsert zalyna guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Hüjümi ýazgarýandygyny nygtan Aliýew, özüniň we halkynyň agyr günleri başdan geçirýän Russiýa we rus halkyna goldaw berýändigini ýatlatdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin hem medet beriji sözleri üçin Aliýewe sagbolsun aýtdy.

Aliýew bilen Putin terrora garşy ýakyn hyzmatdaşlygyň gelejekde hem dowam etjekdigini belledi.

Russiýa tarapyndan berlen beýannamada, Moskwada guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 137 adama ýetendigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Eýrana Gynanç Bildirdi
Prezident Erdogan Putine Gynanç Bildirdi
Türkiye Gazagystana Gynanç Bildirdi
Türkiýe Pakistana Gynanç Bildirdi
Liderler Eýrana Gynanç Bildirýär
Prezident Erdogan, Eýranly Kärdeşi Üçin Gynanç Bildirdi