Azerbaýjanyň paýtagtynda BMG-niň howa boýunça maslahaty dowam edýär

Azerbaýjanyň paýtagtynda BMG-niň howa boýunça maslahaty dowam edýär

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň tarapdarlarynyň maslahatynyň 29-njy ýygnagy (COP29) geçýär.

Onuň çäklerinde 12-13-nji noýabrda ýokary derejeli çäre dünýä Liderleriniň sammiti geçer. Bu gezekki sammit, esasan, howanyň maýlamagynyň öňüni almak işini maliýeleşdirmeklige bagyşlanýar.

СОР29 sammitinde başlyk edýän ýurt tarapyndan 14 başlangyç öňe sürülýär, olar: ýaşyl geçelgeleri döretmek, ýaşyl energiýany saklamak, howanyň durnuklylygy üçin sazlaşyklylygy gazanmak, arassa wodorod, organiki zyňyndylaryň düzüminde metany azaltmak, ýaşyl sanly tehnologiýalar ulgamynda bilelikde hereket etmek ýaly mowzuglary goşmak bilen, howany goramak we durnukly ösüş maksatlarynyň arabaglanyşygyny özünde jemleýär.

Başlangyçlaryň hatarynda howanyň goralmagyny maliýeleşdirmek boýunça gazna döretmek hem bar.

Azerbaýjan daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurda möhüm işleri durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Respublikada 2024-nji ýyl Ýaşyl dünýäniň hatyrasyna raýdaşlyk ýyly diýlip yglan edildi.

BMG-niň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça maslahaty ýa-da Howa sammiti 1995-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Oňa guramanyň degişli Çarçuwaly konwensiýasyna agza ýurtlar gatnaşýarlar.

Öňki sammit 150-den gowrak ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçdi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Baku şäherinde geçýän COP29 sammitine gatnaşýar.

Bu barada Belta.by we Trend habarlar portallary ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady