Azerbaýjanyň hususy kompaniýalary Türkmenistana maýa goýmaga taýýardyr. Report-yň habaryna görä, bu barada Parižde geçirilen Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumynyň (TEIF — 2024) çäginde Caspian Logistic Solutions holding kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Rifat Soltan-zade belledi. Ol Hazar-Gara deňiz sebitiniň geljegi Türkmenistana maýa goýumlaryna bagly mowzukda çykyş etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi, bitaraplyk, parahatçylyk we açyk gapylar syýasatyny öňe sürüp, onuň binýady Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýuldy, häzirki wagtda bolsa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan köp ýyl bäri sebitdäki dürli halkara maksatnamalarynyň innowatory we inisiatory hökmünde çykyş etdi. Bu sebitdäki ykdysady, logistika we howa başlangyçlary üçin durnukly ösüş maksatnamalaryna ýurduň ägirt uly goşandyny kesgitleýär diýip, Rifat Soltan-zade öz çykyşynda belledi.
Ol Türkmenistanyň çäginden geçýän täze ulag ýollaryny ösdürmek üçin birnäçe çemeleşmäni gözden geçirmegi teklip etdi: Owganystanyň we Pakistanyň, şeýle hem Eýranyň üsti bilen Azerbaýjanyň ulag taslamasy — Zangezur geçelgesi bilen baglanyşykly täze ugurlary göz öňünde tutmagy teklip edýäris.
Duşuşykda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan hökümeti tarapyndan daşky gurşaw we howa taslamalaryny ösdürmegiň meýilnamalarydyr strategiýasyny göz öňünde tutup, holdingiň başga bir wekili AZCHEMCO kompaniýasynyň mineral dökünleri öndürijiler hem-de Türkmenistanda suwuk we beýleki dökünleri öndürmek üçin maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Rysgally zähmet hususy kärhanasy bilen Azerbaýjanyň AZCHEMCO kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi.