
Azerbaýjanyň Howa ýollary AZAL-dan berlen beýannamada, Russiýanyň Astrahan şäherine guralýan uçar saparlarynyň bes edilendigi nygtaldy.
Beýannamada, Astrahanyň howa giňişliginiň hemişelik ýapylandygy sebäpli uçuş howpsuzlygynyň ýola goýulmagy maksady bilen Baku-Astrahan-Baku liniýasyndaky ähli uçuşlaryň bes edilendigi nygtaldy.
2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Azerbaýjana degişli ýolagçy uçarynyň rus howa giňişliginde mahaly od açylmagy sebäpli Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda heläkçilige uçramagyndan soň AZAL, Russiýanyň käbir şäherlerine guralýan uçar saparlarynyň bes edilmegi boýunça karar kabul edipdi.
Karara görä, Mineralniýe Wodi, Soçi, Wolgograd, Ufa, Samara, Grozni we Saratow şäherlerine guralýan uçar saparlary bes edilipdi.