Azerbaýjanyň Goranmak Ministrligi Antiterror Operasiýa Başlatdy

Azerbaýjanyň Goranmak Ministrligi Antiterror Operasiýa Başlatdy

Ministrlikden berilen beýannamada Azerbaýjanyň territoriýasyndan Ermenistanyň ýaragly güýçlerine Azerbaýjanyň goşunlarynyň Agdam welaýaty tarapyndan pozisiýalaryny dürli kalibrdäki ýaraglar bilen od açylandygyny habar berdi.

Berilen beýannamada rus parahatçylyk güýjüniň wagtlaýynça ornaşan Azerbaýjanyň territoriýasyndaky ermeni ýaragly güýçlerine degişli birikmeleriň Azerbaýjanyň goşunlarynyň Agdam sebiti tarapyndan pozisiýalaryna uly hüjüm gurandygy mälim edildi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Garabagdaky asuda ermeni ilatynyň howply ýerlerden çykarylmagy üçin Laçyn ýolunyň ugrunda we beýleki taraplardan ynsanperwer geçelge hem-de kabul ediş nokatlarynyň döredilendigini habar berdi.

Ministrlikden berilen beýannamada Azerbaýjanyň goşunlarynyň Azerbaýhjanyň Garabag sebitinde geçirýän ýerli antiterror operasiýalarynyň dowam edýändigi nygtalýar.

Beýannamada operasiýalaryň çäginde asuda ilatyň we infrastrukturanyň nyşana alynmandygy, diňe kanuny harby nyşanalaryň ýok edilendigi bellenilýär.

Garabagdaky asuda Ermenilere Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň harby desgalarynyň ýerleşýän ýerlerinden çetde durmaga we olara goldaw bermezlige çagyrylýan beýannamada; “Şunuň bilen baglylykda mobil SMS gullugy arkaly Azerbaýjanyň Garabag sebitiniň ermeni ilatyna maglumat ugradyldy. Şol bir wagtda dik uçarlar bilen halka duýduryş berilýär we maglumat beriji broşýuralar paýlanýar.

Azerbaýjanyň kanunlaryna we halkara ynsanperwer hukuk kadalaryna laýyklykda howpsuzlygy kepillendirilen döwlet, jemgyýetçilik, bilim, saglyk, dini we beýleki desgalaryň goragy üpjün ediler.Zenanlar, çagalar, garrylar, maýyplar we hassalar üçin degişli kömekler beriler.

Agyz suwy we azyk zerurlyklary üpjün ediler.Ilatyň howpsuz sebitden çykarylmagyny üpjün etmek maksady bilen Laçyn ýolunyň ugrunda we beýleki taraplarda ynsanperwer geçelgeler hem-de kabul ediş nokatlary açyldy” diýilýär.

Ministrlik Garabagda konstitutsion ulgamy gaýtadan dikeltmek we ermeni ýaragly güýçleriniň birikmeleriniň ýaragsyzlandyrylyp, Azerbaýjanyň çäklerinden çykarylmagy üçin ýerli antiterror çäreleriniň başladylandygyny yglan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Garabaga we Gündogar Zengezura 140 Müňden Gowrak Adam Dolanyp Barar"
II Garabag Söweşiniň Şehitleri Uly Hormat Bilen Hatyralandy
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Numan Kurtulmuş Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Bakuwa Bardy