Akar resmi çakylygyna laýyklykda Ankara gelen Azerbaýjanyň Goranmak ministri general Zakir Hasanowy Milli goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady.
Hasanowyň abraý kitapçasyna öz ýatlama sözlerini ýazmagyndan soň ministrler özara we toparara duşuşyk geçirdi.
Duşuşyklarda özara we sebitleýin goranyş hem-de howpsuzlyk meseleler bilen goranyş senagaty pudagynda hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alyşylandygy habar berildi.