Hankendi-Agdam uğrundan gelen ermeni ilatynyň wekilleri Rus parahatçylyk güýjüniň resmileriniň we Azerbaýjan polisiniň ýoldaşlk etmeginde Ýewlaha geldi.
Azerbaýjanly resmiler bilen Garabagdaky ermeni ilatynyň integrasiýa tapgyry hakyndaky gepleşikler başlady.
Bu taryhy duşuşyk Garabaga daş bolmadyk Ýewlah şäheriniň häkimliginiň binasynda geçirilýär.
Gepleşiklere Azerbaýjanyň adyndan Prezident İlham Aliýewiň Garabagdaky ermeniler bilen aragatnaşyklardan jogapkär wekili, halk deputaty Ramin Mämmedow, Garabag ermenileriniň adyndan Dawid Melkumýan we Sergeý Martirosýan gatnaşýar. Duşuşyga Rus barahatçylyk güýjüniň resmilerinden biri hem gatnaşýar.
Garabagdaky we Günorta Kawkazdaky ýagdaýy ýakyndan gyzyklandyrýan duşuşyga Azerbaýjan we türk metbugatynyň ýany bilen köp sanly daşary ýurtly žurnalist gyzyklanýar.
Duşuşygyň gün tertibiniň esasy ugruny Garabag ermenileriniň Azerbaýjana integrasiýasy emele getirýär.
Azerbaýjanyň goşunlary 19-njy sentýabrda Garabagda konsitutsion ulgamy dikeltmek maksady bilen antiterror operasiýa başladypdy. Garabagdaky bikanun ermeni ýaragly güýçler 24 sagat dowam eden operasiýadan soň ýarag taşlapdy.
Azerbaýjan Garabag ermenileriniň wekillerini integrasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýewlah şäherine çagyrypdy.