Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Daşary işler we parlametara gatnaşyklar komitetiniň agzalary ilkinji gezek resmi sapar bilen DKTR-na bardy.
Azerbaýjanyn resmi wekiliýeti Prezident Ersin Tatar, Jemhuriýet Mejlisiniň Başlygy Önder Sennaroglu we Premýer ministr Ersin Saner tarapyndan kabul edildi.
Samed Seýidowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ilki Prezident Ersin Tatar tarapyndan kabul edildi.
Prezident Tatar, Türkiýäniň Azerbaýjan bilen edýän ýakyn gatnaşyklaryndan hoşaldyklaryny nygtap “Bir millet üç döwlet” diýdi.
Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Daşary işler we parlametara gatnaşyklar komitetiniň başlygy Seýidow hem “Türkiýaniň güýji, Azerbaýjanyň güýjüdir, DKTR-nyň güýjüdir” diýmek bilen Türk dünýäsiniň birleşmegini diledi.
Seýidow, kabul edilşiklerde Ýewropa Geňeşinde DKTR-nyň hukuklaryny we adalaty goramaga dowam etjekdiklerini nygtady.