Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň (ANAS) Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynda Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezi işe başlady. Bu barada nCa habar berdi.
Merkeziň açylyş dabarasyna Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, professor Allaberdi Aşirow, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow, şeýle hem edebiýat institutynyň işgärleri we metbugat wekilleri gatnaşdylar.
Merkezde Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň döwlet baýdaklary, iki ýurduň tanymal döwlet we syýasy işgärleriniň suratlary görkezilýär. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň we beýleki türkmen akyldarlarynyň kitaplarynyň sergisi guraldy.
Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Isa Gabibbeýli dabarada eden çykyşynda 2014-nji ýyldan bäri akademiýada her ýyl Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini we nusgawy şahyryň eserleriniň Azerbaýjanda hem Türkmenistandaky ýaly çuňňur öwrenilýändigini aýtdy.
Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti merkeziň açylmagynyň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylmy we edebi gatnaşyklary ösdürmegiň täze sahypasydygyny nygtady. Mundan başga-da, akademik beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2 sany täze kitabyň neşir edilendigini belledi.
Filosofiýa ylymlarynyň doktory, dosent Ismihan Osmanly öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň näbelli Diwanynyň Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuliniň adyndaky golýazmalar institutynda tapylandygyny we uly mukdarda neşir edilendigini aýtdy. Doktor Osmanly beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymgulynyň goşgulary kitabynyň hem neşir edilendigini belledi.