Azerbaýjanyň günbataryndaky Akstafa şäherinde bolan toý dabarasynda 40-dan gowrak adam iýmit zäherlenmesi sebäpli hassahana düşdi diýip, ýurduň Azyk howpsuzlygy agentiligine salgylanýan RIA Nowosti habar berdi.
Akstafa etrabynyň Aşagi Geýjaly obasynyň ýaşaýjysy Mýakan Rafig ogly Piriýewiň toýunda myhmanlara öýde degişli howa şertlerini berjaý etmezden taýýarlanan dürli tagamlaryň hödür edilendigi anyklandy. Ol tagamlardan laboratoriýa şertlerinde barlamak üçin nusga alyndy diýlip, habarda aýdylýar.