Mundan 101 ýyl öň azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýew dünýä indi. Ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew we hanym Mehriban Aliýewa beýik Lideriň aramgähiniň ýerleşýän hormat alleýasyna bardylar diýip, MIR 24 habar berdi.
Döwlet Baştutany we birinji hanym Geýdar Aliýewiň aýaly, beýik alym-oftalmolog, akademik Zarifa Aliýewany hem hatyraladylar. Düýn, 10-njy maýda bütin ýurtda hatyra we haýyr-sahawat dabaralary geçirildi.
Geýdar Aliýew 1969-1982-nji ýyllarda Azerbaýjanyň Kompartiýasynyň birinji sekretary, SSKP-niň MK-synyň Syýasy býurosynyň agzasy bolup işledi. 1993-nji ýylda halkynyň çakylygy boýunça Watanyna dolanyp geldi we ömrüniň ahyryna çenli ýurduň Prezidenti boldy.