Azerbaýjandaky Sumgaýyt senagat parkynyň Az-Teh-Import jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti ýük ulaglaryny Russiýa, Türkmenistana, Eýrana we Gruziýa eksport etmegi meýilleşdirýär diýip, Trend habar berdi.
Ýurduň Ykdysadyýet ministrligindäki Ykdysady zolagy ösdürmek boýunça agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, bu ýyl senagat zolagynyň çäginde IVECO nyşanly ýeňil, orta we agyr ýük ulaglarynyň önümçiligi başlanar.
Az-Teh-Import jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti tarapyndan dolandyrylýan IVECO zawodynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda, golaý aýlarda onda enjamlar oturdylyp başlanar. Kärhana 90 adamy hemişelik iş orny bilen üpjün eder. Onda her ýyl 100 awtoulag öndüriler diýlip, garaşylýar we olar içerki bazarda ýerlener, şeýle hem Russiýa, Gruziýa, Türkmenistana we Eýrana eksport ediler.