Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Aýhan Hajyzada beren beýannamasynda ÝB-niň bu kararynyn “bir taraply we ýerliksizdigini”, şeýle çemeleşmeleriň sebit ýurtlaryny alalama syýasatnyň netijesidigini aýtdy.
Hajyzada beýannamasynda; “Fransiýanyň Ermenistana “Bostion” kysymly personal gatnadyjy we “Sezar” hereketlendirijili artilleriýa ulgamlarynyň berilmegi üçin eden başlangyçlaryndan soň ÝB-niň Ermenistana harby kömek ugratmak hakyndaky karary sebitde dartgynlygy artmaga hyzmat edýän ýalňyş we howply başlangyçdyr.
Ermenistana berilen şol haby kömek we gelejekde onuň artdyrylmagy boýunça berilýän çağyşlar, Azerbaýjanyň territoriýasyny 30 ýyla golaý basyp alan we henizem territorial bitewiligimiz boýunça talaplaryndan el çekmeýan ýurt hökmünde Ermenistanyň harby güýjüne hem-de sebitdäki ýumrujy işlerine hyzmat eder” diýdi.
ÝB-niň kararyna berk garşy durýandyklaryny aýdan Hajyzada, beriljek kömekler boýunça anyk maglumat talap edendiklerini beýan etdi.