
Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Yragyň demirgazygynda guralýan “Penje Gulp” operasiýasynda şehit bolan uly leýtenant Ömer Delibaş üçin Milli Goranmak ministri Hulusi Akara we Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Gülere gynanç bildirdi.
Hasanow ýüzlenmesinde ““Penje Gulp” operasiýasy zolagynda türk esgeriniň şehit bolmagy bizi çuňňur gynandyrdy. Terrora garşy göreşde hemişe bolşy ýaly dogan Türk ýaragly güýçlerine goldaw bermäge dowam ederis” diýildi.