Azerbaýjan Siriýa Ynsanperwer Kömegini Berdi

Azerbaýjan Siriýa Ynsanperwer Kömegini Berdi

Azat Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin berilýän goldawlar dowam edýär.

Azerbaýjan hem Siriýa ynsanerwer kömegini ugratdy.

Bakudan ugran ynsanperwer kömek konteýneri Artwindäki Sarp gümrük geçelgesinden Türkiýä geldi.

10 konteýnerlik ynsanperwer kömegi Kilise tarap ugrady.

Ynsanperwer kömek konteýneri Çobanbeý gümrük geçelgesinden geçip İdlibe barar.

200 tonnalyk ynsanperwer kömegi AFAD tarapyndan siriýanyň halkyna paýlanar.

Azerbaýjan, Siriýanyň galkynyşy üçin Türkiýe bilen utgaşykly ýagdaýda hereket edýär.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýdan Hajyzade, Siriýa ynsanperwer kömegini bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Döwlet kitaphanasynda maslahat geçirildi
Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, şany dünýä dolýar Magtymgulynyň
Kitap biziň dostumyz
Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä dolýar şany Magtymgulynyň!
Lütfen, ýagny, haýyş edýärin…
Ykdysady Ynam Indeksi Artdy