Beýannama görä Prezident Ilham Aliýew Italiýanyň “Leonardo” firmasy tarapyndan öndürilen “C-27J Spartan” kysymly uçar bilen Bakuwyň Haýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde tanyş boldy.
Prezident Aliýewe Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Italiýanyň Goranmak ministri Guido Krosto, Italiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Edmondo Sirielli bilen “Leonardo” firmasynyň ýolbaşçylary ýoldaşlyk etdiler.
Aliýewe satyn alynan uçaryň tehniki özbolyşlyklary we funksiýalary hakynda maglumat berildi.
Agyr geografik we operasiýa şertlerinde hem goranyş hem-de raýat goranyş işlerini ýerine ýetirmäge ukyply bolan uçaryň harby ýük, paraşutçylaryň we ýükleriň ýokardan taşlanmagy ýaly lukmançylyk işlerinde peýdalanyljakdygy habar berildi.