Bakuwda geçirilýän “Hazaryň nebiti we gazy” (Caspian Oil & Gas 2022) atly 27-nji Halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde halkara ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekildi.
Halkara forumyň çäklerinde Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow bilen Italiýanyň ekologik geçiş boýunça ministriň orunbasary Wanni Gawoýyň arasynda gepleşikler geçirildi.Geçirilen gepleşiklerde Şahbazow 2022-nji ýylda Italiýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň 9,5 milliard kubmetre deň boljakdygyny belledi.
Ýylyň ahyryna çenli Italiýa gysga we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda 9,5 milliard kubmetr tebigy gaz eksport ediler diýip, Şahbazow belledi. Şeýle hem ministr Transadriatik tebigy gaz geçirijisinyň kuwwatynyň artdyrylmagy bilen diňe Italiýa däl, eýsem, Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna hem tebigy gazyň iberilişini artdyryp boljakdygyny mälim etdi.
Geçen ýyl Italiýa azerbaýjan gazynyň 7 milliard kubmetri iberilipdir.
Azerbaýjan gazynyň Ýewropa eksporty 2020-nji ýylyň ahyrynda TAP (Trans Adriatic Pipeline) gaz geçirijisi arkaly ýola goýuldy.
Gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 878 kilometr bolup, onuň 550 kilometri Gresiýanyň, 215 kilometri Albaniýanyň, 105 kilometri Adriatik deňziniň aşagyndan we 8 kilometri Italiýanyň çäginden geçýär.
Taslama SOCAR (20%), BP (20%), “Snam” (20%), “Fluxys” (19%), “Enagas” (16%) we “Axpo” (5%) eýeçilik edýär.
Bahasy 4,5 milliard ýewro bolan taslama ilkinji gezek 2003-nji ýylda yglan edildi. 2016-njy ýylda gurluşygyna başlanan gazgeçirijiden ilkinji gaz 2020-nji ýylda akdyrylyp başlandy.