Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň energiýa ulgamlaryny birleşdirmek barada Memoranduma gol çekendiklerini habar berdi. Bu barada RIA Nowosti ýazýar.
Ministriň sözlerine görä, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi taraplaryň üçüsine ýaşyl energiýa önümçiliginde özara hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de ony Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa eksport edip bolar.
Jabbarow resminamanyň durmuşa geçirilmeginiň üç ýurduň energiýa ulgamlarynyň goşulyşmagyna hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýany has bähbitli peýdalanmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.