Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Milli Mejlisde eden çykyşynda, 2025-nji ýylyň bujetinden ýurduň milli howpsuzlygynyň we goranyş mümkinçiliginiň güýçlendirilmegi, sosial we ykdysady galkynyş strategiýasynyň alnyp barylmagy, goşmaça sosial howpsuzlyk bukjalarynyň durmuşa geçirilmegi, basyp alyşlykdan halas edilen sebitleriň gaýtadan dikeldilmegi üçin uly serişdäniň bölünip beriljekdigini aýtdy.
Azerbaýjan döwletiniň bujetiniň hem girdeji hem-de çykdaýjy taýdan uly rekord goýandygyny aýdan Asadow, girdejileriň 22,58 millid dollar, çykdaýjylaryň bolsa 24,35 milliard dollara barabar bolmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Asadow, 2025-nji ýylyň bujetiniň 20,6 göteriminiň goranyş we howpsuzlyk, 40 göteriminden gowragynyň bolsa sosial taslamalar üçin bölünip beriljeldigini ýataltdy.
Basyp alyşlykdan halas edilen sebitde durmuşa geçirilýän işler barada hem durup geçen Asadow, 2020-nji ýyldan bäri basyp alyşlykdan halas edilen sebitleriň dikeldiş işleri üçin 12,9 milliard dollaryň sarp edilendigini belledi.