
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Aýhan Hajyzade, Fransiýanyň Ermenistana ýarag ugratmagy bilen baglanşykly beren ýazmaça beýanatynda: "Ermenistan we Fransiýa sebitdäki ýaraglanmak syýasatyny bes etmegi, bu ýurtlaryň sebitde parahatçylykdan we hyzmatdaşlykdan başga alternatiwanyň bolmandygyny indi göz ýetrimekleri zerur" diýip habar berdi.
Aýhan Hajyzade: "Fransiýanyň Ermenistana hüjüm guramak aýratynlygyna eýe bolan Bastion sowutly harby daşaýan ulag ugratmagyny ýazgarýarys" diýip mälim etdi.
Fransiýanyň bu ädiminiň sebitdäki ýagdaýy dartgynlaşdyrjakdygyny aýdan Hajyzade: "Ermenistan we Fransiýa sebitdäki ýaraglanmak syýasatyny bes etmegi, bu ýurtlaryň sebitde parahatçylykdan we hyzmatdaşlykdan başga alternatiwanyň bolmandygyny indi göz ýetrimekleri zerur" diýip beýan etdi.
Hajyzade halkara jemgyýetçiligine Ermenistany ýaraglandyrmakdan saklanmaga, bular ýaly görnüşli bikanun işleri duruzmak we ýazgarmak barada çagyryş berdi.
Oktýabr aýynda Fransiýa bilen Ermenistanyň arasynda ýarag satuwy we harby kömek babatynda ylalaşyk baglaşylypdy.