Azerbaýjan Eýrana Reaksiýa Bildirdi

Azerbaýjan Eýrana Reaksiýa Bildirdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Eýranda ýerleşýän Ilçihana guralan hüjümiň berk ýazgarylýandygy nygtalyp; “Şeýle wakalaryň öňüniň alynmagy we diplomatik wekilhanamyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli çäreler Eýranda yzgiderli häsýetde gün tertibine gelýär.

Gynansagam soňky pajygaly terror hüjümi, mesele boýunça gyssagly çağyryşlarymyza degişli ünsi bermezligiň agyr netijeleri ýüze çykarandygyny görkezýär.Eýranda soňky döwürde artýan Azerbaýjana garşy kampaniýanyň diplomatik wekilhanamyza garşy şeýle hüjümleri höweslendirýändigini pikir edýäris” diýilýär.

Beýannamada; “Eýranyň bu terror hüjüminiň jenaýatkärleri bilen pajygaly aksiýanyň görkezmesini berenleriň gysga möhletde anyklanyp, agyr jezalandurulmagyny berk talap edýäris. Azerbaýjan tarapy, jenaýatçylaryň anyklanmagy we ýerlikli jezalandyrylmağy üçin degişli halkara mehanizmleriň berýän şertlerinden peýdalanar. Terror hüjüminden soň ýüze çykan ýagdaýyň ilçihananyň işgärleriniň we maşgala agzalarynyň ewakuasiýalary üçin degişli çäreleriň görülmegi meýilleşdirilýär” diýilýär.

Azerbaýjanyň Tähran şäherinde ýerleşýän Ilçihanasyna şu gün irden ýaragly hüjüm guralyp, kalaşnikow kysymly awtomatiki ýarag bilen od açan hüjümçi, Ilçihananyň howpsuzlykdan jogapkär ýolbaşçysyny öldürip, 2 howpsuzlyk gullukçysyny ýaralapdy.

Tähranyň Içeri işler Müdiri Huseýn Rahiminiň wezipesinden boşadylandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Brýusselde Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp döredilen wideoýazgynyň görkezilişi boldy
Azerbaýjanyň Tährandaky Ilçihanasy Açyldy
Şweýsariýa 33 Ýyl Soň Yrakdaky Ilçihanasyny Açdy
ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow öz işini tamamlady
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň duşuşygy
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar