Azerbaýjan dünýä jemgyýetçiligine çagyryş berdi

Azerbaýjan dünýä jemgyýetçiligine çagyryş berdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, 1-nji Garabag söweşinde dereksiz ýiten 3 müň 890 azerbaýjanlynyň ykballarynyň aýan edilmegi üçin halkara jemgyýetçiligine Ermenistana garşy basyş etmegi barada çagyryş berdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Şu gün Bütindünýä Dereksiz ýiten adamlaryň güni. Ermenistanyň agressiýasy netijesinde takmynan 30 ýyl bäri tapylmaýan 3 müň 890 azerbaýjanlynyň ykballary näbelli bolmagynda galýar. Halkara hukugyň çäginde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi üçin Ermenistana halkara derejede basyş edilmegi barada çagyryş berýäris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Taýwandaky hassahanalaryň birinde ýangyn boldy
Italiýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
Kamerunda suw süýşgüninde 14 adam heläk boldy
“Olary diri görkeziň!”: ÝHHG ýurtlary dereksiz ýitirmelere garşy berk çäre görmeli
Britaniýaly pensioner ýarym metrlik alaka tutdy
Fýuriniň indiki söweşiniň senesi belli boldy
ÝB-ne Agza Ýurtlarda Iýul Aýynda 2 Müň Bosgun Çaga Ýitdi