Azerbaýjan BRICS-e Agza Bolmak Üçin Ýüz Tutdy

Azerbaýjan BRICS-e Agza Bolmak Üçin Ýüz Tutdy

Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň metbugat sekretary Aýhan Hajyzade, ýurdunyň BRICS-e agza bolmak üçin resmi taýdan ýüz tutandygyny aýtdy.

Hajyzade beren beýannamasynda, “Azerbaýjan BRICS-e agza bolmak üçin resmi taýdan ýüz tutdy” diýdi.

Gazagystanyň paýtagty Astanada iýul aýynyň 3-4-i aralygynda geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitiniň çäginde Azerbaýjan bilen Hytaýyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk jarnamasyna gol çekişilipdi.

Jarnamada, Azerbaýjanyň gurama agza bolmak isleýändigi nygtalypdy we Hytaýyň hem Azerbaýjanyň agzalygyna oňyn garaýandygy bellenilipdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem awgust aýynyň 18-19-y aralygynda Azerbaýjana guran resmi saparynyň çäginde, Russiýanyň Azerbaýjanyň BRICS-e agzalygyna oňyn garaýandygyny mälim edipdi.

2006-njy ýylyň iýun aýynda San Peterburg şäherinde geçirlen Halkara ykdysadyýet forumynyň çäginde Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň gatnaşmagynda döredilen guramanyň şu günki günde 40-dan gowrak agzasy bar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi
Azerbaýjan ÝB-ne Reaksiýa Bildirdi
Bäşim Nuralynyň uçgunlary Bagtyýar ýaşlar
BIZI ÝAT EÝLESIN DEŇ-DUŞLARYMYZ, ILIM-MENIŇ