“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzyň Ösdürilmegine Ähmiýet Berýäris”

“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzyň Ösdürilmegine Ähmiýet Berýäris”

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, Azerbaýjan bilen edýän gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy.

Prezident Pezeşkiýan paýtagt Tähranda saparda bolýan Azerbaýjanyň Wise-premýeri Şahin Mustafaýewi kabul etdi.

Kabul edilşikde, iki ýurduň taryhy we medeni geçmişe eýedigine we Azerbaýjan bilen edýän gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändiklerine ünsi çeken Pezeşkiýan, “Siz biziň doganymyz we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagy biziň üçin diýseň möhüm” diýdi.

Prezident Pezeşkiýan, bar bolan kynçylyklaryň ýurtlaryň arasynda gepleşik arkaly çözülmegine ynanýandyklaryny belledi.

Iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalaryň iş ýüzüne geçirliş etabynyň depgininiň güýçlendirilmeginiň ähmiýetini nygtan Pezeşkiýan, “Eýran, Azerbaýjan Respublikasy bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýän taslamalara oňyn garaýar” diýdi.

Azerbaýjanyň Wise-premýeri Şahin Mustafaýew hem “Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň wekili hökmünde Eýran bilen ykdysadyýet, söwda, energetika, medeniýet, howpsuzlyk we goranyş senagaty boýunç edilýän gatnaşyklarymyzy ösdürmek isleýändigimizi beýan edýärin. Eýran bilen edýän gatnaşyklarymyza uly ähmiýet berýäris” diýdi.

Azerbaýjanyň Wise-premýeri Şahin Mustafaýew Eýranyň Prezidenti Pezeşkiýany Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň adyndan Bakuwa çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy
Türkmenistanda Miras žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Aliýew we Paşinýan 4-nji gezek özara duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri bilen duşuşygy
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK MINISTRLIGINIŇ DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
Türkmenistanyň daşary işler ministri Er-Riýadda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi