Azerbaýjan Argentina nota berdi

Azerbaýjan Argentina nota berdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä Argentinanyň Baku şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mariangeles Belluski ministrlige çagyryldy.

Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandesiň Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherindäki G20 Liderler sammitindäki ýurda garşy taraplaýyn beýannamalary sebäpli ilçiniň üsti bilen nota berildi.

Ilçä Fernandesiň "Ermenistanyň Azerbaýjana garşy töhmet atmak kampaniýasyna esaslanýan, sebitdäki hakykatlary ýoýup, ýurduň özygtyýarlylygyna we territorial bütewiligine ters gelýän esassyz garaýyşlary" beýan edendigi gynandyryjydygy habar berildi.

G20 Sammiti Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherinde 9-10-njy sentýabr aralygynda geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Argentinanyň täze prezidenti
Günorta Amerika döwletleriniň liderleri Türkiyä gynanç bildirdiler
Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Belgiýanyň žurnaly ýewropaly okyjylara Türkmenistanyň gazananlary barada gürrüň berdi