18-nji oktýabrda Bakuwda Azerbaýjanyň daşary işler binistri Elmar Mamedýarow bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň arasynda syýasy geňeşmeler boldy.
Taraplar duşuşygyň dowamynda halkara guramalarynyň çäginde özara goldawy hem-de ýurtlar arasyndaky şertnamalaýyn-hukuk esaslaryny giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Azerbaýjan respublikasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň derejesinde 2019-2020-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlyk programmasyna gol çekildi.
Azerbaýjanyň DIM-niň habar bermegine görä, Mamedýarow “türkmen tarapyna ermeni-azerbaýjan konflikt bilen baglylykda ýurduň territorial bütewligine we özbaşdaklygyna goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi”.
Türkmenistanyň DIM-ni bu habar çap edilen wagtynda duşuşygyň netijeleri barada hiç bir habar bermedi.
Belleýäris, Aşgabat ermeni-azerbaýjan konflikti bilen baglylykda, bitaraplyk durumyna eýermek bilen, hiç wagt ol ýa-da beýleki tarapyň peýdasyna resmi beýanat etmedi.
Ermenistanyň şol wagtky prezidenti Serž Sargsýan 2014-nji ýylda Aşgabada eden sapary mahalynda Gurbanguly Berdimuhamedowa bu meseledäki bitarap pozisiýasy üçin minnetdarlyk bildirdi. “Biz Türkmenistana özümiz üçin örän wajyp bolan bu meselede görkezen düşünişmesi we bitaraplygy üçin minnetdar” diýip, Sargsýan aýtdy.
Azerbaýjanyň mediasy 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Bukuwa doly goldaw bildirendigini we hatda Azerbaýjana harby kömek hem bermäge taýýardygyny habar berdi, emma biraz soň ermeni metbugaty, türkmen diplomatlaryna salgylanyp, bu maglumaty ret etdi.
Aşgabat bu mesele boýunça resmi beýanat çap etmedi.