
HBO striming gullugynyň başlygy Mah Keýsi Bloýs Aždarhanyň öýi atly täze serialyň ikinji möwsüminiň 2024-nji ýyldan bärde çykmajakdygyny aýtdy diýip, Vulture neşiri habar berdi.
Aždarhanyň öýi 2022-nji ýylyň 21-nji awgustynda tomaşaçylara görkezilip başlandy, iki günden soňra ol HBO-da iň köp tomaşa edilen serial hökmünde rekord goýdy. Serialyň jemleýji bölümine, ýaýlyma çykmazyndan iki gün öň internetde goýlandygyna garamazdan, 9 million adam tomaşa etdi.