
Aždarhanyň öýi atly serialyň birinji möwsüminiň dokuzynjy bölümine 9 milliondan adam tomaşa etdi diýip, Deadline neşiri habar berdi.
Bölüm öňki — Tagtlaryň oýny atly serialy HBO teleýaýlymynda görkezilen döwründen bäri iň köp tomaşa edilen film boldy. Tagtlaryň oýny atly serialyň jemleýji bölümi teleýaýlymda 2019-njy ýylyň maýynda görkezilipdi we oňa 19,3 million adam tomaşa edipdi.
HBO teleýaýlymynyň hasabatyna görä, Aždarhanyň öýüniň ähli bölümlerine ABŞ-da ortaça 29 million adam tomaşa etdi. Öňki Tagtlaryň oýny atly serialyň 7-nji möwsüminiň her bölümine bu ýurtda tomaşaçylaryň 32,8 milliony tomaşa etdi.
Öň Aždarhanyň öýüniň ssenariçisi Raýan Kondal täze möwsümde has köp degişmeli pursatlaryň boljakdygyny aýdypdy. Bu barada Gazeta.ru ýazýar.