“Azatlykda” özüni tapan’ žurnalist

“Azatlykda” özüni tapan’ žurnalist

Aramyzda ýaşap ýörenliginde, Nazar aga, Rozynazar Hudaýberdiýew 17-nji awgustda bir kem 75 ýaşynyň toýuny toýlamalydy, martyň başynda onuň ýogalanyna sekiz ýyl boldy. Ömrüniň 17 ýylyny Azatlyk radiosynyň işine bagyşlan halypa žurnalisti kärdeşleri häli-şindi ýagşylykda ýatlaýarlar.

Halajyň Çohpetde obasynda dünýä inen geljekki meşhur žurnalist 1967-1972-nji ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, student wagtynda Türkmen döwlet radiosynda diktor bolup işledi. Şol ýyllar Rozynazar il içinde gaty gowy görülýän “Bahar” programmasyny alyp barýardy.

Aşgabatda, Türkmen döwlet radiosyndan başlanan žurnalistlik ýoly ony 1995-nji ýylda Praga, "Azatlyk" radiosyna alyp geldi. Nazar aga bu radioda, diňleýjileriň biriniň sözi bilen aýtsak, 'türkmen Lewitany' boldy, ýakymly sesi, ýürek töründen gaýdýan il-ýurt sylagy, mähri bilen hem il içinde, hem kärdeşleriniň arasynda halypalyga ýetişdi, emma ol hiç wagt eselmedi, mydama öz halypalaryny ýatlardy.

Nazar aganyň “Bir türkmen- Bir ykbal” tapgyryndan taýýarlan gepleşikleri onuň ö halkyna, türkmen medeniýetiniň wekillerine, milli medeniýete ol ýa beýleki görnüşde goşant goşmaga çalşan adamlaryň tagallasyna nähili uly hormat goýýandygyny görkezdi.

Bu gepleşikleriň efire berlen ýyllary Türkmenistanda diňe bir adamyň arşa göterilýän wagtyna, il-gününe hyzmat eden tanymal adamlaryň hatda ölüm habarlarynyň hem gadagan edilen wagtyna gabat geldi.

Onuň gözbaşynda duran “Tegelek stol” söhbetdeşligi bolsa, türkmenistanlylaryň başga-başga pikirleri aýtmak we diňlemek, ylalaşyp ýa-da ylalaşman ylalaşmak, bilelikde ösmek, öňe gitmek tagallalarynyň bir bölegi boldy.

Azatlyk halypa žurnalistiň doglan gününe gabatlap, onuň yzynda galdyran žurnalistik mirasy hakynda Pragada ýaşaýan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Zehinli ýaşlaryň festiwaly atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi
Aşgabatda Kalp tary atly täze sahna eseriniň görkezilişi boldy