Azatlykda çykyş edeni üçin Agajuma daýyny’ 6 ýyl türmä höküm etdiler

Azatlykda çykyş edeni üçin Agajuma daýyny’ 6 ýyl türmä höküm etdiler

Azatlyk Radiosyna Türkmenistandaky bar bolan meseleler barada ençeme tapgyr interwýu beren 73 ýaşly Agajuma Baýramow 2016-njy ýylda alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi we onuň iki ýylyny Owadan-depe türmesinde geçirdi. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri, žurnalist Soltan Açylowanyň maglumatlaryna salgylanyp, 27-nji maýda habar berdi.

1949-njy ýylda doglan, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň ýaşaýjysy 2015-nji ýylda Azatlyga dürli temalar, şol sanda işsizlik, raýatlaryň arza-şikaýatlarynyň diňlenmeýändigi, okuwa girmek üçin para soralýandygy, transport kynçylyklary barada ençeme interwýu beripdi. Emma olaryň hiç birinde söhbetdeşimiziň familiýasy görkezilmän, ol elmydama-da “Agajuma daýy” ady bilen çykyş edipdi.

Ol 2016-njy ýylyň martynda beren interwýularynyň birinde Azatlykdaky çykyşlaryndan soň, ýerli oba ýaşulularynyň garaşsyz habar serişdesinde çykyş etmezlik barada, öz üstüne maslahat-töwella bilen gelendigini hem aýdypdy.

Şol ýylyň noýabrynda Azatlyk Baýramowyň ozalky habarçymyz Soltan Açylowa bilen aragatnaşygy ýitirendigi barada hem habar beripdi.

2016-njy ýylyň 25-nji iýunynda Baýramow Açylowa jaň edip, özüniň onuň bilen duşuşyp, interwýu bermek üçin Aşgabada barjakdygyny aýtsa-da, ol soňy bilen gelmeýär. Şondan soň, onuň mobil telefon belgisi hem öçürilýär.

Aradan birnäçe wagt geçensoň, Açylowa öz tanyşlary arkaly Baýramowyň ýolagçy otlusyndan düşürilip, tussag edilendigini bilip galýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň soňky maglumatlaryna görä, Baýramowyň Aşgabada ugramaly gününiň öňýany, onuň öýüne nätanyş iki aýal we bir erkek kişi gelýär we myhman ýerleriniň ýokdugyny aýdyp, onuň öýünde galmagy soraýarlar.

Baýramow olary öýüne goýbereninden soň, gije aýal maşgalalaryň biri goh turuzýar we, hamala, şol wagtky 67 ýaşly Baýramowyň özüni jynsy taýdan zorlamaga synanyşandygyny öňe sürýär. Mundan soň, ol zenanyň arzasy esasynda Baýramow türmä höküm edilýär.

Adam hukuklaryny berk çäklendirmekde tankytlanýan türkmen hökümeti garaşsyz habar neşirleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýanlara dowamly basyş edip, hukuk toparlarynyň belleýşi ýaly, toslama aýyplamalaryň esasynda, olary türme tussaglygyna hem höküm edýär.

Azatlygyň Daşoguz sebitindäki öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow 2017-nji ýylda nas satmak aýyplamasy bilen tussag edilen bolsa, Balkan welaýatyndaky öňki habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew hamala, ýanyndan neşeli derman tapylandygy üçin, galplaşdyrylan aýyplama esasynda üç ýyl türmede saklandy.

Şeýle-de, 2018-nji ýylda jemgyýetçilik aktiwisti Ömrüzak Omarkulyýewiň Azatykda çykyş etmeginden soň, ony aldaw ýoly bilen Türkmenistana çagyryp, 20 ýyl azatlykdan mahrum etdiler.

Häkimiýetleriň bu çäreleri garaşsyz žurnalistleriň birnäçesiniň daşary ýurtlara bosgunlyga çykmagyna getirse, ýene birnäçesiniň öz işlerini bes etmegine alyp geldi.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda türkmen hökümeti resmi syýasata tankydy gözde garaýan žurnalistleri yzarlamakda we ýanamakda, gözegçilikde saklamakda, telefonlaryny barlamakda, syýahatlaryny çäklendirmekde, şeýle-de, raýat žurnalistlerine hem yzygiderli azar bermekde tankytlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten hasaplanýan Ömrüzak Umarkulyýewiň şübheli wideosy peýda boldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanda erkin sözüň anatomiýasy (2-nji bölüm)
2018 - Dabara-şowhunlar we "ölçeýjileri oturtmak talaby bilen aljyradan" ýyl
Türkmenistandaky britan ilçisi ýurt içindäki we daşyndaky dogruçyl hem halal žurnalistlere goldawyny bildirdi
CPJ: Hytaý 2019-njy ýylda iň köp žurnalisti türmä basan ýurt boldy