Daşary ýurtlaryň kolležlerinde we orta hünär mekdeplerinde okaýan türkmenistanly studentler ene-atalaryndan “Western Union” we “Money Gram” arkaly pul alyp bilmeýärler diýip, “Azatlyk” radiosy habar berýär.
Türkmenistanda 1-nji noýabrdan başlap, raýatlaryň daşary ýurtlaryň kollejlerinde, ýagny hünär mekdeplerinde okaýan çagalaryna “Western Union” we “Money Gram” arkaly pul ibermegine gadagançylyk girizildi.
“Azatlyk” radiosynyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, eger resminamalarda “kollejiň okuwçysy” diýlen ýazgy bolsa, onda Türkmenistanyň banklary raýatlaryň “Western Union” we “Money Gram” arkaly daşary ýurtlara ugratmak isleýän pul serişdesini kabul etmeýärler. Bank işgärleriniň sözlerine görä, bu görkezme başlyklar tarapyndan berlipdir.
Mundan öň daşary ýurtlaryň kollejlerinde ýa ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň öz garyndaşlaryndan pul almaga haky bardy.Munuň üçin Türkmenistanyň bank işgärleri studentiň ýakyn hossarlaryndan pasportyndan başga, studentiň şahsyýetini tassyklaýan dokumenti hem-de onuň daşary ýurduň haýsy ýokary okuw jaýynda ýa-da kolležinde okaýandygy hakynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy we Bilim ministrligi tarapyndan berlen resminamany talap edýärdiler.
Studentlere her aýda iberilýän puluň möçberi 1000 amerikan dollary çemesindäki türkmen manadyndan geçmeli däldi.