“Azatlyk”: Türkmen ýörite gulluklary raýatlary Rohde & Schwarz kompaniýasynyň enjamlarynyň kömegi bilen yzarlaýar

“Azatlyk” radiosy özüniň hökümetdäki çeşmelerine salgylanyp, Germaniýanyň Rohde & Schwarz kompaniýasynyň enjamlarynyň ýurduň raýatlarynyň internet işjeňliklerini diňlemek we gözegçilikde saklamak üçin ulanylýandygyny habar berdi.

Rohde & Schwarz gönüden-göni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi bilen işleşmeýän-de bolsa, onuň ýurduň hökümetine iberýän enjamlary we ekspert maglumatlary ýörite gulluklar tarapyndan oňaýsyz internet-serişdelerini petiklemek, şeýle-de internet ulanyjylary yzarlamak üçin ulanylýar. Radionyň çeşmesiniň maglumatyna görä, nemes kompaniýasynyň enjamlaryny Türkmenistanyň Goranmak we Aragatnaşyk ministrlikleri satyn alýar.

Neşiriň maglumatyna görä, bu işiň tehniki tarapy bilen iki sany hususy türkmen telekommunikasiýa kompaniýasy meşgullanýar, olaryň biri MHM-niň ozalky işgäri tarapyndan esaslandyrylan we MHM-niň gözegçiliginde işleýär.

Bu firma Rohde & Schwarz kompaniýasynyň enjamlaryny ulanmak arkaly adamlary yzarlamak işleriniň tehniki tarapyny berjaý edýär.Munuň öwezine firma döwlet eýeçiligindäki kompaniýalardan websaýtlary işläp-taýýarlamak, programma üpjünçiligi, maglumat hyzmatlary ýaly işleri alýar.

Bulardan başga, Rohde & Schwarz enjamlary ibermek, programma üpjünçiligi hyzmatlaryndan başga, bu kompaniýalaryň hünärmenlerini taýýarlamak, olar üçin okuw-türgenleşik sapaklaryny gurnamak bilen hem meşgullanýar.

“Azatlyk” bu meseleler boýunça maglumat almak maksady bilen Rohde & Schwarz kompaniýasynyň Mýunhendäki baş edarasyna ýüz tutdy, emma kompaniýanyň wekili özleriniň iş gatnaşyklary baradaky maglumatlary açmaýandyklaryny we eksport bilen bagly “ähli düzgün-tertibi berjaý edýändiklerini” aýdyp jogap berdi.

Rohde & Schwarzyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Wiktoriýa Gerasimowa Türkmenistanda adamlary yzarlamak üçin ulanyp boljak enjamlaryň iberilendigi hakyndaky maglumaty ret etdi.

Onuň szölerine görä, Türkmenistan diňe telewizion geçirijileri we FM geçirijileri, şeýle-de telewizion signalynyň hilini barlaýan tehnikalary satyn aldy.

“Biz ol ýere bireýýämden bäri zat satamyzok, çünki ulgam guruldy. Olaryň hemmesi işleýär, telewideniýe efire berilýär. Hemmeler özleriniň signal kabul edip, telewizora tomaşa edip bilýändiklerine begenýär. Siz menden başga näme gerek?” diýip Gerasimowa sorady.

Ýatladýarys, Rohde & Schwarz kompaniýasy hakynda ilkinji gezek onuň wekili Hartmut Ýeşke (Hartmut Jäschke) prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşandan soň eşidildi. Şonda resmi türkmen mediasynyň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary hakynda maslahat etdiler.

Netijede haýsydyr bir şertnama baglaşyldymy ýa ýok, bu mälim däl.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” anyklamagyna görä, Ýeşke döwlet gurluşlarynyň kiber howpsuzlygy boýunça çögztlerini, harbylar üçin goralýan aragatnaşyk kanallaryny, şeýle-de yzarlamak ulgamlaryny işläp-düzmek bölümine ýolbaşçyylk edýär. Şeýle-de, nemes kompaniýasynyň saýtynda olaryň çözgütleriniň obýekti yzarlamaga we hat aragatnaşygy boýunça maglumat toplamaga, gözegçilik maglumatlary boýunça gylyk-häsiýet portretini düzmäge kömek berip bilýändigi görkezilýär.

Häzir bu sahypa elýeterli däl, emma Internet Archive saýtynda onuň nusgasy saklanyp galýar.

Biraz soň adam hukuklaryny goraýan halkara guramasy Human Rights Watch Rohde & Schwarzdan Türkmenistana iberen enjamlarynyň detallaryny açmagy talap etdi.

Emma kompaniýa detalalry we gepleşikleriň netijeleri baradaky maglumatlary çap etmekden boýun gaçyrdy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, Türkmenistan ýanwar aýyndan başlap VPN tilsimleriniň işini baglap başlady. Ýerli ýaşaýjylar bu tilsimleri ulanmak arkaly petiklenen sosial ulgamlara, messenjerlere we beýleki bagly internet serişdelerine girýärler.

Ýene degişli makalalar

Azatlygyň derňewi: Türkmen ýörite gulluklary raýatlary yzarlamakda Rohde & Schwarz nemes kompaniýasynyň enjamlaryny ulanýan bolmagy mümkin
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Baş ştabyň başlygy Akar rus kardeşi Gerasimow bilen duşuşdy
Aşgabat kinofestiwalynyň fonunda türkmen kinosynyň geçen ýoly barada gysga söhbet
“Russiýanyň, Ukraina Hüjüm Guramak Ýaly Niýeti Ýok”
Putin Goranmak ministrligine görkezme berdi