“Azatlyk”: Studentleri şol bir oýunlara birnäçe gezek bilet almaga mejbur edýärler

Şu günki günde Aşgabadyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň , Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky drama teatrynyň tomaşaçylarynyň aglaba bölegi mejbury tomaşaçylar bolmagynda galýar diýip, Azatlyk radiosy habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, teartrlara eltilýän mejbury tomaşaçylar esasan ýokary we ýörite okuw jaýlarynyň studentlerinden ybarat bolýar.

Isleseň-islemeseň aýda bir ýa iki gezek teatra baryp, spektakllara tomaşa etmäge mejbur edýäler diýip, özüni Batyr diýip tanyşdyran student Azatlyk radiosyna aýdypdyr.

“Ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, lisseýleriň okuwçylaryna, mekdep okuwçylaryna her aýda düzülýän sanaw boýunça gezekleşdirip, teatrlara barmak barada görkezme berilýär. Bu sanawa käte harby esgerler hem goşulýar. Ýöne öz islegi bilen teatra barýan ýaşaýjylara welin seýrek gözüň düşýär” diýip, Batyr aýdýar.

“Biz teatrlara höwes bilen barjak, ýöne bize öz islegmiz boýunça, islän spektakllarymyza tomaşa etmäge hem mümkinçilik bermeýärler. Pylan güni pylan topar barmaly diýip, öňünden petegiň (bilediň) bahasy toplanyp alynýar. Biz teatra barýançak haýsy spektakla tomaşa etmäge barýandygymyzy hem bilmeýäris” diýip, Batyr Azatlyk radiosysyna aýdypdyr.

Şeýle-de ol bilediniň bahasy üç manada durýan “Görogly“ spektaklyna eýýäm 5-6 gezek tomaşa edendigini, ol spektakly özleriniň tasdan ýat tutandyklaryna aýdýar.

“Bizi şeýdip şol bir spektakllara mejbury tomaşa etdirenlerinden, bilediň bahasyny alyp, öz ugrumyza goýsalar, biz üçin has gowy bolardy” diýip, Batyr özleriniň çärelerden halys surnugandygyny, bu mejburylygyň talyplara juda agyr düşýändigini hem sözüne goşdy.

Aşgabatly pensioner, 70 ýaşly Aýna daýzanyň sözlerine görä, “Garaşsyzlyk ýyllary ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ilatyň söýgüli teatrlarynyň biri bolan Opera we balet teatryny ýapmagy bilen aşgabatly ýaşaýjylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň teatrlara baryp, spektakllara tomaşa etmek islegleri öz-özünden ýok bolup gitdi”.

“Opera we balet teatrynyň ýapylmagy bilen bir wagtda beýleki teatrlaryň hem gyzygy gaçdy. Sebäbi teatrlarda goýulýan spektakllaryň many-mazmuny peseldi. Ilatyň göwnünden turaýjak spektakllar sahnadan düşürilip, onuň ornuny döwlet ýolbaşçylarynyň ata-enesini mahabatlandyrýan, prezidentiň çagalygyny suratlandyrýan ýuwan hem suwjuk spektakllar eýeledi.

Bu bolsa tomaşaçylaryň teatrlardan daşlaşmagyna, telewidenýeden daşary ýurtlaryň telekanallaryna, esasan hem türk kanallaryna tomaşa etmegine getirdi” diýip, Aýna daýza Azatlyk radiosyna aýtdy.

Çeşme: Azatlyk radisy

Ýene degişli makalalar

Lukmanlar 'möhleti geçip barýan, arzanladyşa degişli dermanlary geçirmäge çalyşýar' - ýerli ýaşaýjylar
Sokratyň üç elegi (tymsal)