“Azatlyk” radiosy awgustda gelen siliň wideosyny çap etdi

14-nji awgustda “Türkmenistanyň Hronikasy” Türkmenistanyň günortasyna gelen sil baradaky habary çap etdi. Biziň maglumatlarymyza görä, şona azyndan bir posýolok Kälata weýran boldy, onlarça adam heläk boldy.

Düýn, 6-njy sentýabrda “Azatlyk” radiosy bu wakanyň bolan ýerinde düşürilen wideony çap etdi.

Neşiriň maglumatyna görä, birnäçe oba, hususan-da Nohur, Garawul, Döwgala, Akdepe, Hankäriz, Könekesir, Kürüždeý, Aýydere, Hojagala, Çukur, Jejirs we Jeňňelli obalary weýran bolupdyr.

Sil netijesinde 30-a golaý adam ýogaldy.

Radionyň habar bermegine görä, boljak tebigy hadysa barada Arçabil etrabyndaky birnäçe gurama habar berlipdir, çagalaryň tomusky dynç alyş lagerleriniň aglabasy şu etrapda ýerleşýär. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatyna görä, çagalar lagerleriniň birnäçesi ewakuasiýa edildi.

Şol bir wagtda geljek siliň ugrunda ýerleşýän obalara abanýan howp barada duýduryş berilmändir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan: Siliň netijesinde onlarça adam öldi
Ahalyň, Balkanyň obalaryny sil aldy
Obalara gelen sil hakynda dymylyp, Aşgabada gelmedik sile sowalga gurulýar
Türkmenistana gelen sil suwlarynyň pidalary belli boldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkiýede Türkmenistanyň bir raýaty ýaralandy, ýene biri ten satmakda tussag edildi